Milli gazan
Bu bir sowet ädähedi,
garalarsyň özüň adyň,
näletlärsiň ýedi arkaň,
alkyşlarsyň ýedi ýady,
güýçli bolsa, ýesir alsa,
gizläp içde dat-perýadyň,
waspyn edip il ýüzüne,
diýip başy adamzadyň,
ýalan-ýaşryk goşgy goşup,
gije öýde aglsaň-da,
gündizine göwnüň joşup,
tans edersiň, aýdym aýdyp,
bagtly bolup oýnarsyň sen,
çaý bolarsyň öz-özüňe,
ot-ojaksyz gaýnarsyň sen,
milli gazan atarylar,
ýeten aşy az, köp görme,
obalar gür, hatar uly,
kime palaw, kime türme...
Ol ozalky doganlaryň
käsi düýpden inkär etdi,
kynam bolsa başga ýola,
ýa ýat ýoda düşüp gitdi,
a sen gorkduň, galdyň yzda,
bu bir sowet ädähedi,
öz-özüňi ýazgarmaly,
hakyky, çyn jenaýatçy
alan ýylyň az görmeli.