Bigeleňlik

Saňa iller ýaly bolaý diýerler,
il-ulusdan sapak alaý diýerler,
bu diýmek ne diýmek, bilýär hemmeler,
sesiňi çykarma, çykarsaň ýalan,
ýa-da garaşylýan sözleri sözle,
adam ölse emi aňsat keselden,
lukmany däl öz işini etmedik,
hudaýa-da gerekli-dä gowusy,
diýen bolup, başga günäkär gözle...

Ikiçäk gürleşseň, bolýarmy diýseň,
bu bolşumyz özümize gerekmi,
käsi gülýär jogap bermän derekli,
sesini çykarman düşýän gününe,
beýlekiler diýýär dagy nädeli,
garyp dogduk, bilýäs etmeli zady,
doglan bolsak baýdan, begden dädeli.

Ýöne pikir edýän köpelýär barha,
gülen bolman, atman Alla günäni,
garyplyk, kemsitme, soňy gelmejek
bigeleňlik bolup deşilen gämi,
alyp barýar bizi düýpsüz girdaba,
diýseň öňki ýaly, käýeýän baba,
giň bol diýýän ata azalýar barha,
başgany däl, özün ýazgarýan agşam,
çagalary uklandan soň oturyp,
köpelipdir diýdi arada biri,
iller ýaly bolaý diýen köp bolýar,
biraz aňsat wagty geçinmek diri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024