Surat

12-nji ýanwar goşgusy

Ölümden öň içde sylag,
hormat ölse ile kem-kem,
gol uzadyp, golun beren
tapmasaň hiç, çekilseler,
müňkür bolsa adam bary,
senden beter, öz-özüne,
ynanmaýan aýna bakyp,
öz ýüzüne, öz gözüne,
ýa-da öwüp özi özün,
ynanmaýan öz sözüne,
ýa-da bu gün bir zat aýdyp,
ertir başga saýraýana,
öwsüp duran ýel ugruna,
şemal bilen hyşy-wuşy,
duşsaň bir däl, onlarça ýyl,
gara ganym basyp alyp,
aýagasty bolup galyp,
gulçulyga bolsa kaýyl,
saňa, belki, il güýjüne
ynanmagy goýmak gerek,
duýmak gerek ýagdaýyn oň,
ýaşaýyşy saýlamasa,
ýöne birden görersiň sen
ondan, mundan baş galdyryp,
garyplygyň galybyndan
çogup çykýan oglan-gyzy,
öz-özünden gutular ol,
asly baryň ýitmez yzy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024