Kemsitme däbi

Dil çolagy il-ulusyň gazaby,
içde ölen, kemsitmeler adaty,
däp-dessury bolup galan milletiň,
aty alnan, har edilen itinden,
öňki ketde soňky ketdä ýüzlenýär,
oýunjagyn, oýnun elinden alan,
gürleşeli diýýär bitarap ýerde,
ýa-da diýýär ogluň gelsin, aý, ýyllap,
ýigrenç sözün, nälet sözün gysganman,
gowy bolan ýaly olardan päli,
ada çapan, zada çapan düzelmez,
dymmak galýar görüp, bolmasaň däli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024