Döwlet terrory

Döwlet biziň ejemizi öldürdi,
döwlet biziň kakamyzy öldürdi,
terror bilen, el-aýagyn degirmän,
gynap aldy, bir günde däl, aý-ýyllap,
ýaşan ýaşyn ýaş etmedi, dymdylar,
iýen aşyn aş etmedi, dymdylar,
nirä içenlerin bilmän çaýlaryn,
gitdi olar goýup yzda sabyrsyz,
ýolumyza gözün diken jaýlaryn...

Döwlet bize töhmet atdy, ýöne ol
ýeke däldi betpällikde, peslikde,
elimizi tutjak bolan kän boldy,
dilimizi tutjak bolan kän boldy,
owal garyp bolup, soňra meslikde,
ýa iki gün garny doýan, gabanyp,
uly gürläp, hyýalynda han boldy,
o birleri kürsi alyp, adam däl,
beýlekiler kürsi isläp san boldy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024