Adam çukury
Gep ýürekde, habar edýän beýniňe,
ol eýledir, bu beýledir, ägä bol,
göz, gulagy ulanýar ol ajaýyp,
el-aýagy ulanýar ol ajaýyp,
iş üstünde bar öýjügi bedeniň,
şondan, belki, syzdy diýýäris ýürek,
ýa diýýäris gelmändi hiç gözüme,
emma otdan yssy ýüzi adamyň,
çydamaly, geçirimli bolmaly,
sowulmaly gahar, gazap ýolundan,
ýöne gowy ýüzün açan, tanadan,
gara heläk öz çolaşan alyndan,
bilip, görüp durkaň gara ýüregin,
nädip öňkiň ýaly gatnaşjak, görjek,
ýolda duşsa, näme üçin girdabyň,
ýalandan ýylgyryp, içine girjek?