Surat

Hakykat hakykaty

Hakykaty hiç kim saňa,
sowgat ýaly, daşyn dolap,
getirmeýär, eçilmeýär,
görkezse-dä käbirleri,
ýagşylykdan, ýamanlykdan,
ýa-da bilmän, bolup bilşi,
derejesi bilen, bilip,
eger gerek bolsa saňa,
aklyň ýetse, aglap, gülüp,
hakykata ýetmek üçin,
eýe bolmak üçin oňa,
iň bolmanda azda-kände,
seniň özüň kän ýüzmeli,
durmuş diýlen okeanda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024