Ýaş jogapkärçiligi

Ulalyp oňalmak diýmek
bilmek, belki, ýagşy näme,
ýaman näme, wagtynda, ir,
tapawudyn bilmek görüp,
nirde mürit, nirede pir.
hem bes etmek, çekip ýörmän,
oýunlaryn oglanlygyň,
gaýgy-gamyn, ýeňil-ýelpaý,
keýpi-sapa çeken bolup,
aglamaly ýerde, eý-waý,
ýalandan ýaş döken bolup,
bes etmek ol geldi-geçer
ýaşamagy özüň aldap,
aldaýandan bolup iliň,
hala daş bol, hala agaç,
gurbany sen däli sliň.

Ulalyp oňalmak, belki,
görmeziňden ozal agtyk,
ak girse-de, aň girmejek
obadaşyň bilen wagtyň
ýitirmekden daşlaşmakdar,
ildäki däl, özüňdäki
ikilikden daşlaşmakdyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024