Aralykdaky oba
Ol obada, bu obada bilýärler,
aňlaýarlar gerekdigin hak sözüň,
dogry sözüň, garşy durýan ýalana,
don ýa başga eşik geýmedik asla,
hem hak sözi aýtjak bolup ýanýana
düşünýän bar, sylaýan bar azajyk,
emma aralykda, haýran galmaly,
bir oba bar, bilip ýa-da bilmezden,
türmä gitse, gelip ýa-da gelmezden,
inkär edýär dogry sözi, gepleme,
golaýyna barma diýýär çynçynyň,
başa bela saýýar olar hak sözi,
ýa göreşi, namys üçin, ar üçin,
ol obada doganyňdan geň görme,
agaç bolsa, asylaňda dar üçin.