Ýazyjy ýüregi
Robert Frostyň äheňinde
Ýazyjyda gözýaş bolmasa eger,
okyjydan çykmaz damjasy onuň,
başga birniň göwnün ýyladyp bilmez,
diňe öz üstüne çeken ýorgany.
Eser ýazmak, ýazjak bolmak gowy zat,
garalansa garalansyn ak kagyz,
esasy zat, sebäp bolsa, bolmasa,
garalajak bolma adamy, ýazyp...
Sakla diliň, bolmadyk zat, elbetde,
ol öl ýere bitenmişin, süňki ýok,
guş guş bolmaz çokup, saýrap bilmese,
ganaty ýok, aýagy ýok, çüňki ýok.
Düşündirjek bolma sözüň gaýtalap,
düşünmejek düşünmeýär, boýun al,
sözde, işde ýaranmak ýok adama,
öküz ezil, geçi getir, goýun al.
Kemçiligiň bolar mydam, gutarmaz,
özüň düzet diýipdirler öňürti,
ýazaňda ýaz, ýaşy diňmän ýüregiň,
ne ada, ne sylaga çap öňürdip.