Nätanyş durmuş
Öňdede bir şahyr ýaly,
sanap, sanap goýunlary gutaran,
ýatyp bilmän uzak gije, köp ýyllap,
ýat illerde gözi çişli oturan,
ýaňy irkilende sagady jyrlap,
işe giden awtobusda, ýatyran,
ýatsaň bir gün, öz obaňda, oýanman,
ukyň alsaň üç günlük däl, üç aýlyk,
gözüň açsaň, Gün asmana galanda,
açlygyňdan owaz gelse içiňden,
böküp tursaň, suw akytsaň üstüňe,
kofe içseň, süýt, süýjüsiz, arassa,
soň çakynsaň ýumurtgaňy ýylgyryp,
belli bolar durmuş goşgy däl, kyssa.