Ýadadan ýaşlyk

Eger adam gorkýan bolsa galatdan,
kast etmekden özi ýaly adama,
ýetimiň, ýesiriň hakyn iýmekden,
ýa dymmakdan aýtman aýtmaly sözi,
aýdylmasyz sözi saýrap bilbil dek,
çagasyny eklemekden azapsyz,
ýa-da azap edip ýalan ýolunda,
eger adam gorkýan, çekinýän bolsa,
ýa ynanýan bolsa dine, imana,
biler ýaly etdi, görkezdi hudaý,
näme bolýar ahyrynda ynsana,
kgbçi bolsun, bolsun žurnalist,
ýalan sözläp, gutulmaýar kast eden,
gutulmaýar prokuror, sülçüler,
gara gözlän örtüp agyň üstüni,
häkim bolan, ýa ministr, beýleki,
nirelerden çykdy, gelip gezegi,
öz köşgünde tapdy pälinden başlyk,
eger millet az-kän sylasa özün,
diýer bir gün besdir, çen boldy, ýaşlyk!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024