Öwrenmeli zat
Görseň, ýeňse damaryňy gatadýan,
gepiň, sözüň alyşmaýan adamdan,
nadaradan, çar tarapa öwüsýän,
gaça durmak gowy, belki, hemişe,
ýöne ýurduň düşse agyr ýagdaýa,
halkyň haly harap bolsa ýyl-ýyldan,
gaçyp, gizlenerden dar bolsa öýüň,
üstesine dünýe dolsa hederden,
iki, ýeke ýetişmese hiç zada,
ömür gysga ähli işi ederden,
alajyň ýok, öwrenmeli adamy,
iň ozaly öz-özüňi, kemçilik
gemre baglap, iýýän wagty ýüregiň,
a soň nirde halamaýan, gylyksyz,
iki ýüzli ildeşiňe gaharyň,
kinäň bolsa, ätlemeli üstünden,
goý, kim bolsun, adam bolsa, kemi bar,
gözlemeli, gowy ýerin görmeli,
öwrenmeli gaçmagy däl iliňden,
nämedigin golaýyna gelmegiň,
daşda durmak gowy käte, ýöne ol
öňün alýar ilim diýip ölmegiň.