Özüň doga bolsaň bir gün
Rumy dek dileg edip,
doga edip, özüň doga,
özüň dileg bolsaň bir gün,
il üçin däl, özüň üçin,
özüň duýsaň mamla ýa hak,
ýa-da ýetip bir derejä,
sözüň doga bolsa, hähak,
egri ýola egri diýip,
il üçin däl, özüň üçin,
ýaşamagyň üçin ýene,
işlemegiň üçin ýene,
ölmez ýaly özüň iýip,
ýa diýseler: besdir indi,
aýdyp bildiň, diýip bildiň,
özüň üçin gurma duzak,
çagaň üçin gurma duzak,
ar alarlar, peslik ölmez;
ýatlatsalar: ýalňyşarsyň,
köp mal bolmaz haramsyz hiç,
köp söz bolmaz ýalansyz, päk,
jogap güni geler diýip,
gorkuzsalar, ürküzseler,
ýadyňa sal, adam diňe
aýdanyna jogapkär däl,
diýenine jogapkär däl,
köpmi ýa-da az günäsi,
garaşylan wagty, meger,
diýmedigi üçin asy,
aýtmadygy üçin asy.