Ýol, ýük we ýalňyzlyk
Iliň aglak bolsa, walla,
aýdyp, diýip bilýäniňi,
öwreneniň ýazsaň-da kän,
okadyp bilmersiň ony,
ýa-da okap berseň günde,
diňledip bilmersiň üýnüň,
puly ýokdur diýip, belki,
kitaplaryň ýyllap ýazan,
goýup gaýdyp bilersiň sen,
ýöne olar ertir görseň,
nirden çykar, bilmersiň sen...
Wada berip, ýoldaş bolup,
ildeş bolup, tirkeşersiň,
syr berersiň, bilen bolup,
syr alarsyň, ynansalar,
emma iliň öz geçmeli
menzili bar, senden aýry,
içinde bol, daşynda bol,
aýrylan ýol ýykar maýryp,
durmuş ýükdür, aşagyndan
çykajak bolup, bagyrarsyň,
ol il seniň ýüküň almaz,
aglar özi üçin sessiz,
sen almarsyň iliň ýükün,
her bir dünýä gelen ýalňyz,
gara ýere bolar dökün.