Sen öz çagalaryň göter başyňa

Sen öz çagalaryň göter başyňa,
gözüni aç, beýnisin aç başarsaň,
gara ýoly, gara päli öwretme,
dar etmesin geçjekleriň giň ýolun,
ýa özgäniň çagasyna, özüne
görip bolma, görüp bilmän örtenme,
kast etme eliňden gelse, wezipe,
ornuň bolup iki günlük dünýede,
gahar etme dar ýerlerde ulalan,
ýa enesi, ýa atasy dar bolan,
ýa olara meňzemedik hiç haçan,
ýagşylyga ýaman bolup dörese,
goý özüne, özüňdäki aklygy
gara, goňur, sary etme darygyp,
sen öz çagalaryň göter başyňa,
göter, galdyr adam adyn, goýup git,
ýazan ýaly bakylygyň daşyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024