Pessimistiň aladasy
Öňden gelýär, batyr öler,
ýok ediler ýürekli är,
gören bolsa, ar alynar,
akyl-paýhas eýeleri,
okan, dokan, işin etjek,
iki, üçden dälirärler,
dünýe dolar “dünýe gowy,
hezil” diýýän bihepbeden,
gülen bolup hehe-hehe,
oýnaýan hem oýna görä,
pesiň pesin gözleýänden,
özüniň däl, onuň, munuň
isleýänin sözleýänden.