Peýdasyz agy
Düşünse bor gorkusyna garybyň,
ata-baba gyrlan, urlan, sürülen,
düşünse bor terroryna döwletiň,
ýalan, talaň bolan kesbi, hünäri,
ýöne kyn düşünmek akyma garşy
ýüzjek bolan urulanda gülýäne,
dilin uzadýana ýetse, ýetmese,
begenýäne akylly-la men diýip,
aman galdym diýip iki gün uzak,
belki, çagasyna geçirip duzak,
zynjyryny gulçulygyň, ýaglaşyp,
nep ýok ile okan bolsa ýüreksiz,
ýa ýürekli, oturandan aglaşyp.