Surat

Ýitirilen okyjy

Eger bir gün nesip bolsa, ýurdumda
goşgularym okap bersem okyja,
gözlerimi ýumup, galgadyp elim,
çykmadyk kitabym açyp hyýalda,
köp bolmasyn, sany bilen işim ýok,
ýürekden diňlejek adamlar bolsa,
gözlerini ýumup, diňe sesini,
agysyny ýüregimiň, il diýen,
eşitseler diýip arzuw edýärin,
belki, bir gün, nesip bolsa, görerin,
hyýalymda duşuşyga gidýärin...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024