Surat

Eger

Eger söýgi, sylag, sarpa adama
ýokanç bolan bolsa ýigrenç ýalaky,
halas edip bordy, belki, ýeňleni,
pesi peýläp, sil dek öç alsa akyp...

Eger-de rehim, kanagat, mähir
ýokanç bolan bolsa bahyllyk ýaly,
beýle agyr, çykalgasyz bolmazdy,
ýüpsüz daňlan ýesirleriň ykbaly.

Eger-de geçirim, parhlylyk, çydam,
ýokanç bolan bolsa açgözlük ýaly,
ýaralap bilmezdi dünýäni toplar,
çagasyn aldyran ene mysaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024