Durmuş ýoly
Durmuşyň ýolundan atyň, arabaň
seresap sür, seret yza, gapdala,
ýol çarkandak, tekiz bolsun, parhy ýok,
ýa-da öňde nämeler bar, belli däl,
emma daşy gurap ýetişse öňe,
näbelli menzile, uzakda entek,
ýetjekler kän, geçjekler kän deňiňden,
adam ýaly, saklap oýnuň düzgünin,
ýa saklaman, basyp egniňden gödek,
iň ýamany, hiç yşarat etmeýän,
ýöne ýoluň kesjek gyssanmaç gaty,
pyýada kän, belki, argyn çen-çakdan,
ýa-da ýolda alnan elinden aty...