Surat

2023-nji ýyl

Dünýe ýowuz, durmuş ýowuz iň gowy
gününde-de, döwründe-de adamyň,
garaşmaýan, ýöne bilýän bolýanyn
zatlaryňa gabat bolýarsyň bir gün,
pete-pet gelýärsiň, öňüňden çykýar,
tanky ýaly basyp alan goşunyň,
sowulmaga, bukulmaga ýeriň ýok,
tutsaň, dursaň, kül etjek ol döşüňi,
sanaşyp bolmaýar, gazap gazaply,
uruş uruş bolýar, aljak öjüni,
çaga, garry, aýal-ebtat, bilmeýär,
möňňürip bolmaýar, ses edip aglap,
egsip bilseň derdiň ýeňil bor, belki,
arman ýalan donun geýmeli günde,
ýylgyran bolmaly, gülen bolmaly,
dünýe ýowuz, ýok edýär ol adamy,
bilmedik bolmaly, bilen bolmaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024