Tomaşa halky
Tomaşa halkynyň dili uzyn bor,
gürlemesiz ýerde, dymmaly ýerde,
gürlemeli ýerde gürläp bilmedik,
diýilmeli zady diýmedik asla,
diýmesizi diýer gedemlik edip,
gep ýaýradar adam özüne görä,
gülen bolar, a soň aglar içigip,
üşüder, ýylynar közüne görä,
külüň atman, bilmän göçüp göçüňi,
tomaşa halkyna tomaşa bolma,
söz gözleme onuň sözüne görä,
ýa ýaradan beren bolsa başga göz,
göz gözleme onuň gözüne görä,
seret dünýä öz gözüňden, çekinme,
çekilme sen, yzda galmady oba,
özüň ökün, özüň agla, özüň gül,
tomaşa halkyndan garaşma toba.