Täze ýyl tobasy
Sen gorkuzyp, sütemiňe buýsanma,
gorkagyň gorkagy bolaňsoň özüň,
diňe daşdan görýän üçin edenli,
içiň ejiz, öli, diri däl gözüň.
Begenme sen haýyn diýip gorkudan
çykjak bolup urunýana alaçsyz,
haýynyň haýyny bolaňsoň, iliň
gelejegin iýip, gowuryp saçsyz.
Hoşal bolma ýüregimiz ýaralap,
daň agarar, belli ahyr tümlügiň
soňy geler, şapak dogar, garalap,
ýok etmersiň il diýeniň kimligin.
Ýok, biz seniň bilen bile bolmadyk,
agyr boldy, ýöne ýeke galmadyk,
şükür, hakdan diläp ýaşadyk medet,
öz-özümiz diri gabra salmadyk.