Atýatak hakykaty

Atýatakda, atly hanyň ýüzlerçe,
saýlama atynyň tezegin atýan,
belki, bir gün atly bolaryn diýip,
gije arzuwlaryn gujaklap ýatýan,
diýdi bir gün gözün ýaşlap: “Ýaradan
nädip beýle bolup bildiň ýüreksiz?
Bir kümsüge berip dünýe malyny,
ulus-ili çöp-çör etdiň dereksiz...”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024