Surat

Sabyr aşy

Dikelmegiň derkary ýok,
ýykylanyň bilmän bilseň,
ýol üstünde, ak düşek dek,
ýat rahat, ölmän bilseň...

Peýdasy ýok öwrenmegiň,
durmuş näme, göreş näme?
Bilmedik bol bilýäniňi,
suwsuz ýerde batsa gämiň.

Alla bardyr, Alla kerim,
ýöne bar ol herekete,
geçirýär ol ýeňenleri,
ýeňlene däl bereketi.

Garaş, belki, aman galyp,
akyl eden adam borsuň,
çagalar bar, nätjek dagy,
mirasy biz diýip orsuň.

Geregi ýok gozganmagyň,
galdyrmagyň gara başyň,
ýaşa kaýyl, nesip etsin,
bolýan bolsa sabyr aşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024