Sebäp we netije

Ezijiniň ýeke özi kim bolsun,
ýüzlerçe müň ýa millionlap adamy
aç-ýalaňaç, gallaç goýup bilmeýär,
tans etdirip, wasp etdirip özüni,
ýetimi, ýesiri soýup bilmeýär,
türme edip bütin ýurdy, görjegiň
görer gözün elsiz oýup bilmeýär,
kömek edýär oňa ýüz müňläp adam,
iki elläp, üç-dört elläp ýa dilde,
il ýüzüne bir zat diýip, kalbynda
başga pikir bilen ýaşaýan millet,
az-owlak däl, örän köplük, azlygyň,
iki-ýeke agzyn açan hak diýip,
agzyn-burnun döwýär olar geplemän,
ýa gargynyp, küşgürilse ýokardan,
başa gelen, ýeke özi kim bolsun,
geçip bilmez hiç bir silden, akardan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024