Nobatdaky nadanyň islegi
O birisi ýat illerde pullanyp,
görülmedik, täsin gural alypdyr,
kim namysly, kim binamys, ölçeýär,
soň gygyrýar agzyn, burnun hapalap,
öňki açgöz, ýetim düşýär ýadyňa,
soňra ölen bolup altyn gapyly.
Eger ýene bir nadana gul bolup,
ýaýjak bolsaň ýagşysyny, ýamanyn
ar-namysyň bilen ýapyp, ýaşyryp,
barmaly sen, gol gowşuryp durmaly,
ynanmaly wadasyna, il üçin
başyn goýjak beýik serdar, pylany,
ar-namysly diýip, waspyn etmeli,
kükreýär ol uçan guşuň yzyndan,
sen gitmeli, tutup berip, ütmeli...