21-nji dekabr
Bu gün onuň doglan güni,
ölen güni beýlekiniň,
ikisi-de il-ulusy
oda itdi, suwa atdy,
ne dinleri, ne imany,
ne ýürek bar, gyryp bilen
adamlaryn gyrdy olar,
entetdiler oglan-uşak,
aýal-gyzy göre-bile,
meger, şondan sylaýarlar,
birisiniň heýkelleri
ýykylypdy, dikeldilýär,
beýlekisi, yza bakyp,
mazarynda içi gülýär.