Göreş şerti

Adam ogly, kim bolsaň bol,
haýsy millet, haýsy dilde
gürleýärsiň ýa-da dymýaň,
seniň bilen duruşmaga,
baryşmaga taýýar mydam,
göreşmäge taýýar mydam,
durmuş üçin, gurluş üçin,
emma sensiz, ýeke özüm,
seniň üçin duruşmaga,
baryşmaga taýýar däl men,
taýýar däl men uruşmaga,
urýan bilen seni günde,
gamçy bolsaň gotazlyja,
ezijiniň sag elinde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024