Ak jüýje betbagtçylygy
Adam diýdi kyrk ýyl ozal,
seret, Hytaý nirededi,
ýa Türkiýe, ýa Singapur,
öwünýärdik düýşünde-de
bilmez olar bizden ozup;
indi seret, olar nirde,
biz nirede galdyk tozup,
soň gelenler ogurlady
gelejegin il-ulusyň,
ýöne hiç kim ak jüýje däl,
goldaw berse ogra susup.