Ýola çyksaň

Aslyşarlar, dogan-gardaş,
dosty-ýaryň, aşaklykdan,
pikirdeşiň bolan bolup,
soňabaka düşünersiň,
eglejek kän, ýoldan alyp,
zyňjak, belki, däli derýa,
düýbi daşly halta salyp...

Uly, kiçi, egindeş, zor,
saçak başy, arak gürlär,
börek gürlär, ynanarsyň,
gyzýan bolsaň şan-şöhrada,
gapdalyndan pula, zada,
goltugyňa berip garpyz,
okamasaň kitap ýaly,
köp bor aýak köwjek narpyz.

Aslyşarlar, otursaň däl,
ýola çyksaň, kän gysganjak,
ýa edinjek ak basgançak,
arzan berseň ak ýüzüňi,
kim-kimlere bilip, bilmän,
müň ýoly bar saklamagyň,
ýoldan galyp, öz-özüňi
manysy ýok aklamagyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024