Görmeýäniň artykmaçlygy
O gün biri käýindi,
sylaň diýip görmeýäni,
bolsa ýolda hasaly,
çünki olar adama
baha bermez daşyndan,
aýakgabyn, maşynyn
ýa-da sagadyn görüp,
gözün gapyp ýalpylda,
ýesir bolmaz gözsüzler
galp görnüşden galpyldap,
görer olar ýüregin
dili baryň agzynda,
käte bolýan öz gylygy
özi üçin gara zyndan.