Hakyda hakykaty
Başga biri tutulýarka,
utulýarka ýüzi gülýän,
soň gutulsa, çykyp gelse,
gep-sözüne ynanmaýan,
eşitmiş däl, bolsaň şaýat,
gerek bolmaz başga aýat,
tutulanda özi bir gün,
utulanda özi bir gün,
ýa ýakyny, jibir-jibir,
gürrüň berer, gynanarsyň,
ýöne ýada düşer birden
gülen ýüzi tutulaňda,
ýa-da eden gep-gürrüňi,
çykmaz diýip indi ýagta,
gara jaýa atylaňda,
soň çykaňda, için tutup,
çyny bilen gynanany,
unutjak bol, galar, ýaşar
hakydada ýanan janyň.