Ýetim han

Dili süýji, öňýetene
dogan diýýän, jan diýýän han,
hem aglaýan, hem gülýän kän,
berjek diýse ilime nan,
ynandylar, ýetim oglan,
hiç zady ýok, goý, bezensin,
bahyl başgaň donun sanan,
bolsa bolsun uly, gymmat,
nesip etsin köşgi-eýwan,
il içinden çykyp öňe,
kimem bolsa, biri hökman
sürmeli bor diýip döwran,
goldadylar ýerli-ýerden,
ile görä dörär serdar,
il oňlasa, atyňy soý,
hapalandy dili hanyň,
halkyn etdi ýere ýegsan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024