Dönüklik
Bilip, bilmän iliň ikilik etse,
uzak ýyllar basgylanan, ezilen,
dönük bolsa öz-özüne, saňa däl,
ilki biraz gowrulýarsyň, ýanýarsyň,
emma kem-kem düşüşýärsiň, sebäbi
il-ulusa bergiň, borjuň azalýar,
diňe sen däl, ilem aklaýar özün,
ýetirýärler yzdan edýän gybatyn,
şondan soň duýýarsyň özüň has başga,
alyp gaçan ýaly uzaga atyň.