Kast edýäniň bagty
Ýok edenler ýok edeni güýç bilen,
öz emelin, hilesini ulanyp,
ýok etmeli bolar ýene dynuwsyz,
duşman bilip ähli aman galany,
eden işi görülmedik, bilinýän,
bilinmedik bolýan, çykmajak ýatdan,
atasy, babasy agsa-da atdan,
ogul-gyzy galyp yzynda öçli,
ýok edilen adamlaryň bilinmän,
ýa bilkastdan, dowla düşüp, öňürdip,
ýok edenler bilýär eden işini,
edýän işin bilýär olar, bir, iki,
ýa üç bolmaz ýok ediljek, dykyljak
hak ýa nähak gara ýeriň teýine,
ýok edenler ýok edilmek howpundan
gorkup ýaşar tegmil bolup öýüne,
köp boldukça toplan baýlygy, maly,
diri şaýat, yzdan gelýän nesiller,
gol gowşursa kaýyl bolup ykbala,
ýok ediler bir asyr däl, ýüz elli,
iki ýüz ýyl, ýa hemişe, bu belli,
ýok ediji bilen goşulyp ilin
ýok edýänler öter elleri gülli.