Garaşma
Sen garaşma bir gün olar
Pyragyny okar gowy,
ýa düşüner diýip garyplyk näme,
Kemine kowsa-da, gitmedik çykyp,
gara güne daňlan ilden garaşma,
diňe tapan zadyn daşajak gämä,
çaý-çöregi gaýgy günde, günaşa,
depesinde durka uruş buludy,
gara bulut, beýik milletden gelen,
ýaragy bar, ölüm howpy uludy...
Basyp alan, basyp alan gullaryn,
seniň öz diliňde gürleýän, belki,
ýarag berip süren, gyran ýaryňy,
ýagty gelejegi getirdim diýip,
unut diýip baky köýen aryňy,
taryhyňy, geçmişiň ýok, hamala,
goragçyň men boldum, uruljak ýogsa,
halas etdim gelip, gyryljak ýogsa,
saklanyp dur şindem ýykylan gala,
ýykylmaly duşman, mantyk bar bolsa,
meger, bähbit urşy saklaýar ony,
sen garaşma ilden, ýeri dar bolsa,
öwrülmegi, düşünmegi, bilmegi,
ýazyjy, şahyry ýazmaly zadyn
bilip, taşlap ylgaýarka yzyndan,
dirikä öldürjek ýalan şöhradyň.