Adam okuwy
Mertebe ne, göreş näme, bilmeýär,
öwrenmändir okamagy, ýazmagy,
emma bilýär, öz sözleri, gybat däl,
geýinip gezmegi ministr deýin,
gülýär, gyzym diýdi girip içerik
ýagyň pulun beräýmegin dilegçä,
boýny buruk, oglan bary gelip dur,
bütin oba agzy zaýa, nädeýin?
Düşünýär ol azarlanyň halyna,
kanunlaşan ogrumyşyn, buýsanýar,
gürrüň berýär kelte ýarag göterip,
ogrulary ýola salşyn, edermen,
gaçjak bolup gazamatdan, ynsaply,
il gaýgysyn edýän adam bolupdyr,
ilki wada berip, soň satyp arzan,
adam baryn gara jaýa salypdyr...
Eger ýesir çagasyny, aýalyn,
enesin, atasyn ýatlatsaň bendiň,
beýnisine gan ineni agzasaň,
öleni agzasaň öýüne gelmän,
aç aklawçyň awy bolan öýleri,
tozan hojalygy agzasaň bilmän,
düşünmeýär, özi çyksa zyndandan,
näme berseň içjek, çekjek, gutarsa,
ýada düşýär ýene ýesir milleti,
bolýan ýaly ýene özün aldasa,
ýene çagalaryn ataly ýetim,
aýalyny taşlap, dolanýar türmä,
ilim diýýär her kim seretseň daşdan,
guwanmaly, belki, tanaman, görmän.