Surat

Satylan gözellik

Aw bilen awçynyň arasyndaky
aralykmyş azatlygyň gerimi,
ýöne awçy gelen bolsa ýat ilden,
din-imanly bolan bolup has artyk,
bäş wagtyna okan bolup namazyn,
ýaraglary gurat, dürbüli, uzak
aralyga ýetýän atan güllesi,
arabaly atyp alan towşany,
orsuňkydan ýyndam münen maşyny,
Garagumda gaçyp-tezip gün gören
jerenleriň gar ýagdygy bagtyna,
gelejegi köşkde satylan arzan,
gedaý bolup çykan türkmen tagtyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024