Gözdäki duman
Men ozal meniň dilim,
ene dilim, bar bilýänim,
meni ilden bölmek üçin,
bölmek üçin ýurtdan meni,
gurmak üçin gara diwar arada,
arkasynda goýar ýaly geçirmän,
ulanylar öýtmändirin, ýadymda,
ýogsa gazet okaýardym sypdyrman,
diňleýärdim radio, görýärdim
ekrandaky adamlaryň başga bir
adamlary garalanyn bihaýa,
diňe başga pikir, görüşi üçin,
emma bu özüme gelýänçä göni,
tutýançalar öz adymy gazetde,
ili bölmek üçin iliň diliniň,
goýmak üçin ony soňsuz ezýetde,
goýmak üçin, belki, özüne garşy,
ýarag bolup bilýänini, biljegin
bilmändirin pikir etmän, oýlanman,
indi görýän bu bir adaty ýagdaý,
daglarda däl, halkyň gözünde duman.