Surat

Güwänama ölümi

Güwänama gerek, bir ýa iki däl,
sanasaň sogaby azalýar dünýäň,
azaby köpelýär, daralýar jahan,
yssy, sowuk diýmän gatnaýar tussag,
aýyplanýan ýaly aklap özüni,
ogurlanan günler geçip dur gyssap,
güwänama gerek diýýär hökümet,
getir diýýär, bitir diýýär möhümiň,
ozal sprawka diýerdi millet,
duşman gelip, basyp alyp, sözüne,
daga, daşa ýazylan dek ynanan,
ýeke sözli, namys saýan ýalany,
indi özi, biri-biri, söze däl,
hala gülsün, ýa aglasyn, göze däl,
adama däl diňe, bar bolsa eger,
hudaýa-da ynanmaýan mähelle,
güwänama oýnun oýnaýar, gülýär,
sebäbi döwleti, saklap ösüşden,
güýmän bolup bile, bildirmän ölýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024