Çaman uruş
Başda olar uzak ýaly,
daş ýalydy bizden örän,
görmeýärdik, bilmeýärdik,
eşitsek-de aramyzda
bardygyny bir ýa iki
ilgezigiň açjak baryp,
açar ýaly sepimizi,
eltip berip gepimizi.
Ýöne olar gelmeýärdi,
daş durýardy, bilmeýärdik
bilýänlerin içimizi,
ýa saýýanyn bizi hiç zat,
a soň belli boldy birden,
geldi olar edip heder,
ýa ýokarky dowla düşüp,
diýdi boluň has eserdeň,
ýakyn boldy daş obalar,
uzak iller, gaçdyk gaty,
golaý görüp gara sudur,
ýetip gelýän kyýamaty...
Olar ilki ýat, adaty
adamlardy uzakdaky,
eşidýärdik ümsüm diýip,
diýýärdiler daýylar bar,
howpsuzlygy goraýarlar,
ýöne öňki jellatlar däl,
adam atan ýeňsesinden,
çagyrdylar, gürleşdiler,
görkezdiler gowy polis,
erbet polis oýnun biraz,
aýlap, dolap duýdurdylar,
alajy ýok, döwlet haraz,
aýa özüň, ýakmada jan,
orak wagty gelse, bilýäň,
bugdaý bolýar käte ynsan.
Başda olar ýat, sypaýy,
ýa adaty adamlardy,
biz nädeli diýýärdiler,
bilýärsiň-ä bar ýagdaýy,
ýöne bizi aýamadyk
aýap goýdy ne bir daýy,
ne ümsümi, türme, diwar
dolap aldy daşyn iliň,
gorag boldy olar mäkäm
talaýana aşyn iliň,
gemirýäne başyn iliň,
bolup ýene ady ýaman,
olar ozal asudady,
indi boldy uruş çaman.