Surat

Žurnalist we demir taýak

Žurnalistem adam, ene-ataly,
doganlary, çagalary bar, belki,
başyn etegine salany azmy,
azmy onuň tutulany, urlany,
aç-horlugy arkasynda diwaryň,
boşamaly dälmi adam zyndandan,
gerekmi ýa hökman öldürmek ony,
mazaryny daş edinip basjaga,
adyn aýdym edip dilde, ýalandan,
bolsa özün al-asmandan asjaga,
bilinmeýän ýaly nämeler bolýar,
kürsi gören ertir nämä öwrülýär,
bolmalymy adam gurban, sadaka,
nobatdaky açgözlügiň ýoluna,
ýa diýjege meniň elim, seň ýakaň.

Žurnalistem adam, arzuwlary bar,
ynanjy bar, ýetirmeli habaryn,
aw bolasy gelmeýär oň, ynanyň,
hyýalynda gazyp eýýäm gabyryn,
ertir gelip, döwran sürjek nadana,
düşüniň siz çigit ýaly arzanlan,
özün öwýän nadaradan ýadana...

Näme çykýar, düşünmeýän agzyndan,
düýn-öňňunky ikilikçi, ýalançy,
amatyna garap, garaşýan daşda,
gowy görýär, belki, jan alsa zyndan,
žurnalisti alsa, gowy ýüz esse,
duşmany kän, diňe syýasatçy däl,
özün magtap, öwmeseler ýigrenjek,
bu açyk syr, hemme düşünýär, görýär,
kim boljakmyş bilip, tentegiň genji,
eger jübi bolsa ýaşajak ýeriň,
nämä gerek munça alada, ünji?

Bu durmuş, elbetde, göreşe çykan
hemişe görmeýär öňüni, yzyn,
žurnalistem adam, ene-ataly,
başyna täç edýän ogluny, gyzyn,
hemem ony görüp bilmän kösenýän,
arkasyndan urjaklar kän, duran kän
amatyna garap, garap aýaga,
kim başyny tutjak bilip, meýletin
ýene-de bir egri, demir taýaga?

Ne içinde, ne daşynda ýurduňyň
yzyňy adamsyz, dostsuz goýsalar,
hiç bir ýüpe odun goýup bilmeseň,
duz iýişen, kärdeş bolan gynansa,
türmä düşüp, aman çyksaň, ölmeseň,
ýüzüňe bal, zäher çalsa ýeňsäňden,
çöregine mesge tapmaýan kümsük,
(ýa şumuka agtarylýan hakykat?),
ýoldaşlaryn satyp, namaz okaýan,
gaçyp çyksaň, jaý tapmasa janyna,
žurnalistem adam, görýär, düşünýär,
kim bar, kim ýok, baryp boljak ýanyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024