Surat

Garaşmak keseli

Geler biri, ýetişer ol wagtynda,
gijä galmaz, garaşdyrmaz kän, artyk,
diýdiler hiç sabyr galmady ilde,
köýneklerin sarap ýürege ýyrtyp...

Kalki geler diýip garaşan ýaly,
hindi ýaly gözün ýollara diken,
garaşdylar buddaçy dek hamala,
Maýtreýa geler diýip, öňýeten
umyt etdi, belki, gowy zat umyt,
adam bolan umydyny almady,
adam bolan umyt berdi adama,
arman käte adam ala, ýurt ala,
ýewreý ýaly garaşdylar Mesihe,
garaşdylar Isa hristian dek,
musulmanlar ýaly, göz dikip ýola,
Muhammede garaşdylar ýadaman,
garaşdylar halasgäre ýetişjek,
ikiýüzlä gözün ýumup içinde,
baý bolana, beg bolana ogurlap,
salgydyn däl, diňe algydyn bilen,
alaç tapman urşuň, gowgaň öňünde,
ýeňilen köpçülik suwy bulaýan,
çuň görkezýän azlyklardan ýalpagy,
bulaşdyrýan meseläni ýönekeý,
derýa diýýän düýn gazylan kanala,
deňiz diýýän köle, üzülen içi,
garaşdylar olar, garaşýar olar,
geljek uly, güýçli, garaşýan kiçi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024