Surat

Ak gül

Gara gyşyň aňzagynda açylan
ak güldi ol görülmedik, bildiler,
tankly, toply hökümetdi atlary,
aklygyndan üýşendiler, öldüler,
gorkup saçan, indi saçjak nurundan,
lukman bolup, gara jaýa saldylar,
ak halatly, berbaşagaý boldular...

Gorkan diňe hökümet däl, türmeli,
KGB-si bilen saklanan, duran,
ýazyjy-şahyrlar, eldeki bolan,
dörediji, ýaradyjy adamlar,
adyn agzap bilmän gaçdylar daşa,
ol ak güldi, açylypdy aňzakda,
bolup biljek däldi sürüde naşy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024