Surat

Azaşan mal

Hiç mesele bir taraply,
seniň bakýan tarapyňdan
görnüşi dek, isleýşiň dek
bolmaz näçe agla, çyrla,
gundagdaky bäbek ýaly,
ýa-da garga dil çykaryp,
galan ýaly ilde algyň,
islän zadyň berilmese,
görülmese görýän zadyň,
göterilmän galsa adyň.

Hiç mesele bir taraply,
görnüşi dek ýönekeý däl,
islegi bar adam bolsa,
bähbidi bar, çäksiz, çäkli,
seniňkiden başgarak, ak,
has päkize ýa-da gara,
bilip ýa-da bilmän duzuň
sepeleme açyk ýara,
adyn tutup bigünäniň,
ýesir bolan özüň ýaly,
adam, meger, azaşan mal,
saňa kilim, maňa haly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024