Ymmat meselesi
Watan, doglan ýurdum diýip,
ilim diýip, ýat illerde
ýazmak nämä gerek saňa,
ýadaňokmy, irmediňmi
şol bir sözden, sözlemlerden,
duzsuz ýaly, ýuwan ýaly,
ýalan ýaly gaýtalasaň,
ýa-da gämiň, ýa uçaryň
taşlan ýaly ýalňyz ada,
gygyrýan dek uzakdaky,
eşitmejek adamlara,
ýa golaýda, gulaklary
dykylan bek pagta bilen,
ýa diňleýän başga aýdym,
içi doly soňsuz wada,
nämä gerek gülen bolýan,
bolan bolýan başga adam,
gelenokmy bir argynlyk,
diýeňokmy öz-özüňe
çyndan ýa-da gülüp käte,
besdir, oglan, bolma sada!
Ýa diýýäňmi öz-özüňe,
dynç al, oglan, ynjal, oglan,
her kimiň öz gylygy bar,
bäbeklikden saýlap alan,
ykbaly bar adamlaryň,
hala çyn bil, hala ýalan,
ogurladan geçmişini,
gelejegin ýany bilen,
tire-taýpa bolup ýaşan,
agzybir ýa agzy ala,
bar olaryň öz ýodasy,
ýollary bar daş, kesekli,
geçilmeli aýryp, aryp,
gadyry bar ýükçi äriň,
hormaty bar özüne bap,
bilmese-de öz gymmatyn,
boşa gitmez hiç azabyň,
sylan bolsaň öz ymmatyň.