Bilinmedik borç
Gidenler öz borjun ýerne
ýetirmedi diýdi ol gün,
yzda galyp adam satan,
içalysy bolan hanyň,
häzirkiň däl, ozalkynyň,
o nämäniň borjy diýdim,
diýdi gurup päk hökümet,
getirmegi içerik soň,
gutarmagy halkyň janyn...
Bilmeýärdim gidenleriň,
gara başyn satyn alyp,
ol ýa başga borjun ile,
bilen bolup bilýänden köp,
öz-özüne guran hile.
Düşündirmek kyn boljakdy,
ýa samsyklyk synanyşmak,
güldüm diňe, içim ýanyp,
a ol diýdi gitme, gaçma,
kän garaşdy millet bärde,
geler diýip düzüw pälli,
gürleşmändik diýdim beýle,
millet bolsa, gaçjak däldim.