Adam we söz
Öz agzyna gelşip duran owadan,
ýa-da hapa sözi bolar adamyň,
ondan ony alyp, aýyryp bolmaz,
berip bolmaz başgalara, al diýip,
adam sözi bilen tanalar, galar,
beýik bolar, ýa peseler gygyryp,
beýtme, gardaş, biraz gal diýip bolmaz,
düşündirip bolmaz dereje näme,
ýa mertebe, adam edýän adamy,
ýa-da neden sanaşmaýar o biri,
gaýtargysyn berip, aýdara zady
artykmajy bilen bolsa-da, iri
ownamajak bolup saklaýar edep,
kime gerek oýun, gülki, tomaşa,
kime gürrüň, kime gybat, kime gep.